Halkara işewürlik toparlary Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynda iri möçberli şertnamalary baglaşdylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy jemi 53 sany şertnamany hasaba alyp, işjeň halkara hyzmatdaşlygyň meýdançasyna öwrüldi. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we Özbegistanyň işewürlik wekilleri ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine uly gyzyklanma bildirdiler.

Daşary ýurt pul birligine «Türkmennebit» döwlet konserniniň tehnologik kuwwatlyklarynda öndürilen polipropilen, binýatlyk ýag we awtobenzin ýerlenildi. Şol bir wagtyň özünde Singapurly telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň öndüren karbamidiniň uly tapgyryny satyn aldylar.

Eksport amallarynda dokma hem-de oba hojalyk önümleri hem möhüm orun eýeledi. BAE-den, Türkiýeden we Azerbaýjandan gelen alyjylar bugdaý ununy, tüýli (mahrowy) önümleri, žakkard matalaryny, şeýle-de lukmançylyk pagtasyny, pagta taýajyklaryny we nah ýüplügini satyn aldylar.

Daşary ýurt pul birliginde baglaşylan şertnamalaryň umumy bahasy 350 million 748 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji türkmen önümleriniň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplydygyny görkezýär.

Içeri bazarda hem söwda işjeňligi ýokary derejede dowam etdi. Ýerli telekeçiler senagat üçin möhüm bolan birnäçe şertnamalary baglaşdylar. Milli puldaky söwdalarda «Türkmennebit» döwlet konserninden polipropilen, binýatlyk ýag, peç ýangyjy we gaplaýyş plýonkasy, şeýle hem bugdaý uny satyn alyndy.

Hepdäniň netijeleri boýunça içeri bazardaky şertnamalaryň umumy bahasy 269 million 30 müň manada deň boldy. Birža hepdesiniň netijeleri ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň durnukly ösüşini we milli öndürijilerimiziň abraýynyň berkeýändigini aýdyň görkezýär.

Serdar DÖWLETOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň,
Buhgalterçilik hasaba alnyşy we

audit kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok