2026-njy ýylyň 16-njy martynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen “Ykdysady innowasiýa taslamalarynyň Startup bäsleşigi” atly çäräniň jemleýji tapgyrynda TDYDI-niň talyby Annaglyjow Eziz ýokary netije görkezdi.
Ol “DesignSpace” atly sanly dizaýn platformasy bilen çykyş edip, döredijilik we IT ugurlaryny birleşdirýän taslamasy bilen eminleriň ünsüni özüne çekdi. Taslama, dizaýn hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak we döredijilik işlerini kämilleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Bu çözgüt ýaş telekeçiler üçin ýokary tehnologiki çözgütleriň döremegine hem-de sanly ykdysadyýetiň ösmegine täsir ýetirýär.
Bäsleşikde ýeňijilere pul baýraklary, sertifikatlar we minnetdarlyk hatlary gowşuryldy. Annaglyjow Eziziň işi ýaşlaryň innowasion pikirlenişini ösdürmekde hem-de sanly çözgütleriň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginde ähmiýetli orun eýeleýär.
Onuň taslamasy diňe akademiki taýdan däl, eýsem işewürlikde hem öz mümkinçiliklerini görkezýär we geljekki taslamalar üçin ylham çeşmesi bolup durýar.
Jemleýji tapgyra gatnaşan ýeňijileriň sanawy:
Rejepow Täçmyrat, Annaglyjow Eziz, Bagşiýew Wepa, Amanow Daýanç, Merdanowa Gunça, Hojanepesow Sapa, Şamuradow Kamil, Ýoldaşowa Rozygül, Hudaýbergenow Süleýman, Agaýewa Mähri, Şöhradow Yhlas, Halbaýew Begenç, Jumagulyýew Aşyr, Hudaýberdiýewa Selbi, Bäşimowa Jemal, Diwanow Nurmyrat, Rahimjanowa Selbi, Ilmyradowa Mähri, Gazakowa Baýramtäç, Rozymyradow Mekan.
Teswirler