2026-njy ýylyň 25–26-njy martynda Nýu-Deli şäherinde Hindistan–Merkezi Aziýa Gaznasy tarapyndan “India – Central Asia: Connectivity, Security, and Sustainable Partnerships in a Multipolar World” atly halkara maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G. Ýusupowa ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça tematik mejlisler geçirildi.
Rektor G. Ýusupowa “Hindistan bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly mejlisde çykyş edip, bu ugurda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Bibinabat NURMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler