Ekologiýa boýunça okuwçylar bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

2026-njy ýylyň 26-njy martynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan umumybilim mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen ekologiýa boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry üstünlikli tamamlandy. Bu tapgyra ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinden jemi 40 okuwçy gatnaşdy.

Bäsleşigiň ilkinji tapgyry 4-nji martda geçirilip, oňa 200-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Olar sanly ulgam arkaly öz bilim derejesini görkezip, iň oňat netijeleri gazananlar final tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Jemleýji tapgyr uniwersitetde geçirilip, gatnaşyjylar öz ylmy taslamalary bilen çykyş etdiler. Taslamalar Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda taýýarlanyldy. Olar açlygy ýok etmek, arassa suw üpjünçiligi, arassa energiýa, howanyň üýtgemegine garşy göreş, deňiz we gury ýer ekoulgamlaryny goramak ýaly möhüm ugurlary öz içine aldy.

Okuwçylar bu temalar boýunça täzeçil pikirlerini, ylmy taýdan esaslandyrylan tekliplerini hödürlediler. Eminler tarapyndan çykyşlara ýokary baha berildi we taslamalaryň döwrebaplygy, takyklygy, ylmy derejesi hem-de durmuşa ornaşdyryş mümkinçiligi aýratyn bellenildi.

Bäsleşigiň çäginde gatnaşyjylar uniwersitetiň Haýwanat dünýäsi muzeýine, Tikinçilik gurnagynyň sehine, «John Deere» okuw merkezine gezelenç etdiler.

Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli Diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy. Bu bilim bäsleşiginiň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bilim özgertmeleri bilen utgaşmagy oňa gatnaşanlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Şeýle bäsleşikler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen umumybilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ýygjam häsiýete eýe bolýandygyny, bilim özgertmeleriniň miwesini berýändigini görkezýär.

Bäsleşigiň netijelerini şu ýerden görüp bilersiňiz!

Mekan JORAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Gidromeliorasiýa fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok