S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilýän halypaçylyk okuw sapaklarynda ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegine aýratyn üns berilýär. 2026-njy ýylyň 25-nji martynda talyplaryň arasynda «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly terbiýeçilik sapagy guraldy. Bu çärede ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasaty, milli däp-dessurlar, edep-terbiýe kadalary hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleri giňişleýin düşündirildi. Çäre Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň lukmanynyň gatnaşmagynda geçirildi we ony zenanlar guramasynyň ýolbaşçysy alyp bardy.
Okuw sapagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlar syýasatyna berilýän ähmiýet aýratyn nygtaldy. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň bölümleriniň many-mazmuny giňişleýin düşündirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde öňe sürülýän pikir-garaýyşlar, maşgala goraglylygy ugrunda döwlet syýasatynyň miweleri wagyz edildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda maşgala agzybirliginiň öýüň baş döwletdigi nygtalýar. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär. Ýaş maşgalalarda hem özara gadyrly gatnaşygyň kemala getirilmegi jemgyýetiň jebisleşmegine täsir edýär. Maşgala jemgyýetiň hem, döwletiň hem ilkinji daýanjy — binýadydyr.
Çärä gatnaşyjylar ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmelidigini, jemgyýetde mynasyp orun eýelemek üçin özlerini kämilleşdirmelidigini bellediler. Olaryň ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirildi.
Halypaçylyk okuw sapagyna gatnaşyjylar raýatlarymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşyny üpjün edýän, döwlet ýaşlar syýasatyny ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Aýna HOMMADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Gidromeliorasiýa fakultetiniň talyby.
Teswirler