Taryhyň hiç bir döwründe ýaşlar bu gün bolşy ýaly güýçli sese eýe bolmadylar. Internet, sosial ulgamlar we global bilim mümkinçilikleri häzirki ýaş nesle geçmiş nesilleriňkiden bütinleý tapawutly gurallary berdi. Bu gurallaryň kömegi bilen olar diňe bir ýurdyň içinde däl, eýsem bütin dünýäde özgerişlere ylham berip, halkara gatnaşyklaryna täsir edip bilýärler.
Halkara gatnaşyklary diýlende, köplenç döwlet ýolbaşçylarynyň gepleşikleri, diplomatik sammitler ýa-da halkara şertnamalary göz öňüne gelýär. Emma bu ugurdaky iň esasy, iň çeýe we iň täsirli güýç häzirki wagtda ýaş nesliň elinde jemlenýär. Olar dilleri, medeniýetleri we serherleri aşyp, özara gatnaşygy adaty diplomatlardan has tiz, has tebigy gurup bilýärler.
Türkmen ýaşlary hem bu ugurda işjeň orny eýeleýärler. Halkara olimpiadalarynda, ylmy bäsleşiklerinde, medeni festiwallarda gazanylýan üstünlikler diňe bir olaryň ýeňişi däl, eýsem olar ýurdumyzyň adyna, medeniýetine we mümkinçiliklerine halkara derejesinde üns çekýärler. Her gezek daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara düşünişip, bilelikde bir taslamada işlän ýaşlar öz ýurdunyň iň gowy ilçisine öwrülýär. Dünýäniň globallaşan döwründe ýaş nesiller diňe bir synçy hökmünde däl eýsem, olar halkara aragatnaşygynyň iň işjeň guralyna öwrülýär.
Humaý HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler