Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak ugrundaky mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen iş alyp barýar. 25-nji martda Aşgabat şäherinde nebit-gaz pudagynda metan zyňyndylaryny durnukly azaltmaga degişli okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre degişli döwlet edaralarynyň wekilleri üçin zyňyndylary azaltmak we metan boýunça hasabatlylygy kämilleşdirmek maksady bilen guraldy. Maslahat Arassa howa ugrundaky howa koalisiýasy (CCAC) hem-de Pariž ylalaşygy çägindäki taslamalaryň esasynda amala aşyrylýar.
2023-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan Ählumumy Metan Borçnamasy goşulyp, 2030-njy ýyla çenli metan zyňyndylaryny 30% azaltmagy meýilleşdirdi. Okuw maslahaty hünärmenleriň tehniki başarnyklaryny ýokarlandyrmaga, häzirki syýasatlary seljermäge we uglewodorod serişdelerini öndürmek hem-de daşamak ulgamynda täze çözgütleri işläp taýýarlamaga gönükdirildi.
Üç gün dowam edýän bu çärede halkara bilermenler ýörite taýýarlanan okuw modullaryny hödürläp, dünýä tejribesine laýyklykda milli strategiýalary ösdürmäge kömek berýärler. Şeýle hem metan zyňyndylaryny azaltmaga degişli “Ýol kartasy” we iş meýilnamalaryny düzmäge goldaw berilýär. Gatnaşyjylara howa borçnamalaryny ýerine ýetirmekde gözegçilik ulgamlarynyň we täze tehnologiýalara goýulýan maýa goýumlarynyň ähmiýeti düşündirilýär.
Bilermenleriň bellemegine görä, metan güýçli parnik gaz bolup, howanyň üýtgemegine uly täsir edýär we onuň täsiri kömürturşy gazyndan birnäçe esse ýokarydyr. Şonuň üçin metan zyňyndylaryny azaltmak howa maksatlaryna ýetmegiň iň möhüm we ykdysady taýdan peýdaly ugurlarynyň biri hasaplanýar.
Şeýle-de degişli pudaklaryň hünärmenleriniň bilim derejesini ýokarlandyrmak maglumat ýygnamak, gözegçilik we hasabat ulgamyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bu çäre Türkmenistanyň halkara howa borçnamalaryny ýerine ýetirmekde möhüm ädim bolup durýar.
Abadan ATAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.
Teswirler