Haýyr-sahawatlylygyň we Ynsanperwerligiň 5 Ýyly!

​Şu ýylyň 29-njy martynda ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilip geçiler. Geçen bäş ýylyň dowamynda bu Gazna mätäçlere goldaw bermegiň, saglygy dikeltmegiň we bagtly geljegi gurmagyň belent nusgasyna öwrüldi. Gaznanyň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär, muňa mysal edip, geçen ýylyň 9-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gaznanyň täze şahamçasynyň açylmagyny görkezmek bolar. Bu möhüm ädim goldawa mätäç çagalaryň deňiz kenarynda saglygyny dikeltmekleri we dynç almaklary üçin täze mümkinçilikleri döretdi.

​Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Gazna diňe bir saglygy goraýyş däl, eýsem bilim we sport ulgamlaryna hem uly goşant goşýar. Şu ýylyň başynda Milli Liderimiz tarapyndan bu Gaznanyň adyndan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň düzüminde açylan «At — myrat» okuw merkezine 1 million 500 müň manat möçberinde pul baýragynyň berilmegi ýaş nesliň kämil bilim almagyna bolan ünsüň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de Gaznanyň ynsanperwerlik işleri serhetleri aşyp, goňşy halklara hem mähir paýlaýar. Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuly şäherinde Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna döwrebap metjidiň gurluşygy batly depginler bilen dowam etdirilýär.

​29-njy martda geçiriljek şanly dabaralar türkmen halkynyň gadymdan gelýän “arkalaşyk” we “haýyr-sahawat” ýörelgeleriniň täze eýýamda dabaralanmasy bolar. Gaznanyň bäş ýyllyk taryhy ýurdumyzyň her bir çagasynyň döwlet mähri we ünsi bilen gurşalandygynyň, olaryň bagtyýar geljeginiň ygtybarly goraglydygynyň kepilidir. Bu baýramçylyk çäreleri Gaznanyň amala aşyrýan asylly işleriniň has-da dabaralanmagyna we müňlerçe çaganyň kalbynda ertire bolan ynamyň berkemegine hyzmat eder.

Atajan EÝÝUPOW,
habarçy, žurnalist.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok