TOHU-da wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 19-njy martynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti nde birnäçe döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde taýýarlan meýilnamasy esasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisi, Baş prokuraturasy, Ýokary kazyýeti, şeýle hem beýleki degişli ministrlikler we guramalar gatnaşdy.

Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýatlarda ýerleşýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň many-mazmuny, milli kanunçylygy berjaý etmek, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmek, maşgala mukaddesligi, tebigaty goramak, tertip-düzgünleri, ýol hereketiniň, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek hem-de kanun bozulmalarynyň öňüni almak, ýaramaz endiklerden daşda durmak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerine eýermek hakynda düşündiriş işlerini geçirmek maksady bilen guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip belleýär. Garaşsyz döwletimizde ýaşlar syýasatyna esasy ornuň degişlidigini nygtap, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işleriň dowam etdirilmegine aýratyn üns berýär.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ösüş ýolunyň dowamlylygyny we taryhy däplerine ygrarlydygyny görkezýär. Bu ýagdaý döwletde ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikleriň aýdyň beýany bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermek ugrunda alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Merjen ATAGELDIÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Dokma önümçiligi fakultetiniň
4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok