Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Nowruz uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar däp boýunça Nowruz ýaýlasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Baýramyň çäklerinde milli däp-dessurlar, folklor çykyşlary, aýdym-sazlar we tanslar giňden ýaýbaňlandyryldy. ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz halklaryň dostlugyny we medeni gymmatlyklaryny şöhlelendirýär.
Dabaralarda gadymy türkmen obasynyň keşbi döredilip, halyçylyk, keşdeçilik ýaly milli senetler görkezildi. Şeýle hem myhmanlar duz-çörek bilen garşy alnyp, dürli ýurtlardan gelen syýahatçylar baýramçylygyň şaýady boldular.
Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda milli oýunlar, göreşler we toý dessurlary ýerine ýetirildi. Ahalteke atlarynyň gatnaşmagynda görkezilen çykyşlar, aýratyn-da Galkynyş milli at üstündäki oýunlar topary tarapyndan taýýarlanan çykyşlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle hem milli tagamlaryň sergisi guralyp, myhmanlara dürli türkmen naharlary hödür edildi. Baýramçylyk diňe bir paýtagtda däl, eýsem ýurduň ähli welaýatlarynda hem giňden bellenilip, ildeşlerimiziň şatlygyny artdyrdy.
Oguljan KURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler