Sanly bilim ulgamy we döwrebaplyk

Häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň jemgyýetiň ähli ugurlaryna, aýratyn hem bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyna geçmek diňe bir tehniki enjamlaşdyrma däl, eýsem, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bilimiň elýeterliligini we hilini täze derejä götermek ugrundaky möhüm ädimdir. Milli bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ýaşlarymyzyň dünýäniň iň täze maglumatlar giňişligine erkin girmegine we halkara derejesindäki bäsleşige ukyply hünärmenler bolup ýetişmegine hyzmat edýär. Döwrebap mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda gurlan bitewi tor ulgamy talyplara we mugallymlara elektron kitaphanalardan, wirtual laboratoriýalardan we uzak aralykdan okatmak mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga şert döredýär.

Sanly bilim ulgamy okatmagyň görnetinligini we gyzyklylygyny artdyryp, çylşyrymly temalary multimedia serişdeleriniň kömegi bilen has aňsat özleşdirmäge ýardam berýär. Bu ulgamda döredilen ýörite platformalar arkaly okuw meýilnamalary, ders materiallary we barlag işleri sanly görnüşe geçirilip, bilim bermek işi has hem netijeli alnyp barylýar. Ýaş hünärmenleriň programmirleme, kiberhowpsuzlyk we emeli aň ýaly ugurlarda kämilleşmegi ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň berk binýadyny düzýär. Şeýlelikde, sanly bilim ulgamy döwrebaplygyň nyşany bolmak bilen, ýaşlaryň zehinini we döredijilik ukyplaryny doly ýüze çykarmak üçin çäksiz giňişlik açýar.

Bilim almagyň täze belentliklerini nazarlaýan bu ulgam ýaş nesilleriň dünýä dillerini öwrenmegine, innowasion taslamalary amala aşyrmagyna we ylmy gözleglerini täzeçe gurmagyna ýardam edýär. “Akylly” tehnologiýalaryň bilim ojaklaryna ornaşdyrylmagy bilen okatmagyň usullary düýpli özgerýär, bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň has-da beýgelmegine goşant goşýar. Sanly gurşawda bilim almak ýaşlaryň wagtyny netijeli ulanmagyna we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini çalt özleşdirmegine şert döredýär.

Halkymyzyň ýagty geljegi üçin döwrebap bilim ulgamyny döredýän, ýaşlarymyzyň iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen binalarda okamagyna şert döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Goý, ýurdumyzyň ylym-bilim dünýäsini beýik ösüşlere atarýan Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri elmydama belent bolsun!

Gözel ÝAROWA,

Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok