Owazly dünýäniň mirasdary

Belli türkmen kompozitory, dirižýory we mugallymy Nurygandym Hojamuhammedow 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda özüniň 70 ýaşyny belläp geçdi. Ol sypaýy we söze çeper ussat kompozitordyr. Maňa deňi taýy bolmadyk bu kompozitor bilen söhbetdeşlik geçirmek miýesser etdi. Men bu söhbetdeşlikde N. Hojamuhammedowyň ömür ýoly, halypa-mugallymlaryny, okap bilim alan ýerlerini anykladym we ol hakda size gürrüň bermäni makul bildim.

Ol Mary etrabynyň “Ajap Mämmedowa” oba geňeşliginde sada daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Şol döwürlerde bagşydyr-sazandalaryň obalarynda düşlemegi we kakasynyň dutar çalmagy geljekdäki kompozitora täsirini ýetirip saza bolan höwesini döredýär. Ol ilkinji saz bilimini Mary şäheriniň Mollanepes adyndaky sazçylyk mekdebinde başlaýar. Sazçylyk mekdebiniň direktory bolan I.M.Saparowyň örän köp üns bermegi netijesinde akkordeon hünäri boýunça bilim alyp başlaýar. Ýokary okuw mekdebine çenli ol sazçylyk uçilişesinde hem bilim alyp, ol ýerde hem belli ussat mugallymlardan sapak aldy. Sazçylyk mekdebinde okaýan döwürleri 1972-nji ýylda Türkmenistan respublikasy boýunça ilkinji saz bäsleşiginde II orna mynasyp bolýar. Şeýle hem dünýä derejesinde belli bolan Gnesinler adyndaky sazçylyk akademiýasyna kabul edilip üstünlikli tamamlaýar we okan döwürleri Moskwada geçirilen döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikleri gazanýar. Ol öz döredijilik ýolunda uly tejribe toplap işe gelen ýyllary özüni ökde sazanda hökmünde tanadyp konsertleri berýär.

Ussat sazanda özüniň ýokary ýerine ýetirijiligine garamazdan öz durmuşyna üýtgetme girizmek isleýär. Kompozisiýa bolan çäksiz höwesiniň netijesinde abraýy uly bolan Gnesinler adyndaky sazçylyk akademiýasyny tamamlan sazanda gaýtadan kompozisiýa hünäri boýunça tälim almagy ýüregine düwýär. Şeýlelik bilen N.Hojamuhammedowyň durmuşynda düýpli öwrülişik bolýar. Kompozisiýa kärini öwrenip başlan ýyllary ol özüniň öňden saz gurallap, ýerine ýetirip, dirižýorlyk edip toplan tejribelerinden peýdalanýar we ýyllaryň dowamynda irginsiz zähmet çekýär. Okaýan döwürleri ol SSSR-iň halk artisti, ussat professor W.Muhadowdan kompozisiýa hünäri boýunça tälim alýar. N.Hojamuhammedow saz sungatynyň dürli žanrlarda döredijilikli zähmet çekýän ussatlaryň biridir. Onuň “Hüýrlukga-Hemra” we “Nejep oglan” operalary meşhur dessanlar esasynda döredilen bolsa, “Ruhubelentler” operasy häzirki zaman ýaşlaryna bagyşlanandyr. Şeýle-de ol A.Agajykowyň “Saýathan”operasyny täzeden redaktirlemäge, dikeltmäge, nota ýazgysyna geçirmäge uly goşandyny goşup ýyllaryň dowamynda irginsiz zähmet çekýär. Sungatda gazanan ýokary üstünlikleri üçin oňa Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly at berildi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn Asyry” atly bäsleşiginiň köp gezekli ýeňijisidir. Şeýle hem professional derejede dirizýorlyk ukybyna eýe bolup, 2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň “Owaz” estrada-simfoniki orkestrine ýolbaşçylyk edýär. N.Hojamuhammedow köp ýyllaryň dowamynda ýaş nesle saz sungatynyň inçeliklerini öwredip, mugallymçylyk işi bilen hem meşgullanyp gelýär.

Gülläp ösýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň saýasynda sungat ussady, Türkmenistanyň halk artisti N.Hojamuhammedowyň 70 ýaş toýyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde mart aýynyň 23-ne sagat 16.00-da sazly-agşam geçirilýär. Geçiriljek konsertde N.Hojamuhammedowyň döredijiligindäki ajaýyp we üýtgeşik aýdym-sazlary ýaňlanjakdygyny biz size habar bermek bilen ussat kompozitorymyza uzak ömür, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we döredijilik işinde täze-täze üstünlikleri arzuw edýäris!

Maral Akmämmedowa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli

konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy we

nazaryýeti” hünäriniň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok