Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde islendik döwletiň we jemgyýetiň beýik geljeginiň binýady diňe bir ykdysady kuwwat bilen däl, eýsem, ylym-bilim arkaly berkidilýär. Türkmenistanda hem “Döwlet adam üçindir!” diýen belent ýörelgä eýerilip, ýaş nesliň döwrebap ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler diňe bir binalaryň sanawy bilen çäklenmän, eýsem, okatmagyň mazmunynyň döwrebaplaşdyrylmagyny hem öz içine alýar. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi, okatmagyň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagy we halkara tejribesiniň giňden özleşdirilmegi ýaşlarymyzyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ylymlary ele almagyna giň ýol açýar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda geçirilýän barlaglar diňe bir nazary häsiýetde bolman, eýsem, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny sanlylaşdyrmak we tehnologik taýdan kämilleşdirmek maksady bilen önümçilik bilen berk baglanyşykly alnyp barylýar. Nanotehnologiýalar, biotehnologiýalar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ugurlar boýunça ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagyna aýratyn üns berilmegi bolsa türkmen ylmynyň täze belentliklere göterilýändiginiň subutnamasydyr. Bilim ojaklarynyň ählisiniň ýokary tizlikli internet we döwrebap kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, talyp ýaşlaryň dünýäniň öňdebaryjy ylym merkezleri bilen tejribe alyşmagy üçin döredilen şertler geljekki kämil hünärmenleriň kemala gelmegine uly itergi berýär.
Ylym-bilim — bu diňe bir okuw kitaplaryny okamak däl, eýsem, durmuşyň her bir ädiminde dogry ýoly tapmak, täzeçillige ymtylmak we Watanyň bähbidine ak ýürekden hyzmat etmekdir. Bilimli ýaşlar biziň iň uly baýlygymyz bolup, olar geljekde ýurdumyzy has-da beýgeltjek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etjek esasy güýçdür. Döredilýän bu giň mümkinçilikler, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze okuw mekdepleri we döwrebap ylmy merkezler ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň täze ösüş basgançagyna çykýandygyny aýdyň görkezýär.
Halkymyzyň bagtyýar geljegi, ýaşlarymyzyň kämil bilim almagy ugrunda gije-gündiz yzygiderli alada edýän, ylym-bilim ýolumyzy nurlandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys! Goý, milli bilim ulgamyny ösdürmekde uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Gyzylgül BATYROWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler