Taryhy müňýyllyklara uzap gidýän Nowruz baýramy türkmen halkynyň medeni mirasynda iň görnükli we möhüm dabaralaryň biri hökmünde saklanyp gelýär. Bahar paslynda gije bilen gündiziň deňleşmegini, ýagny “täze günüň” başlanmagyny alamatlandyrýan bu baýram parahatçylyk, goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýaly gymmatlyklary özünde jemleýär. Häzirki wagtda Nowruz döwlet derejesinde giňden bellenilip, Merkezi Aziýa, Kawkaz we Gündogar ýurtlarynyň halklaryny birleşdirýän halkara dostlugyň nyşanyna öwrüldi.
Baýram bilen baglanyşykly halk däp-dessurlary çuň many-mazmuna eýe bolup, poeziýa bilen utgaşýar. Iň giň ýaýran däpleriň biri — beýik hiňňildiklerde uçmak bolup, ynançlara görä, bu ruhy taýdan arassalanmagy we döredijilige ymtylmagy aňladýar. Ýere suw sepmek hem-de sowgat alyşmak ýaly däpler Süleýman pygamber baradaky rowaýatlar bilen baglanyşykly bolup, jemgyýetde agzybirligiň we tebigata hormatyň möhümdigini görkezýär. Bu gün hatda adaty hereketler — mysal üçin, daňdan bal iýmek ýa-da ýakynlar bilen bilelikde saçak başynda oturmak — saglyk we bagt getirer diýip hasap edilýän dessurlara öwrülýär.
Nowruzda ekerançylyk däplerine aýratyn ähmiýet berilýär. Baýramdan 25 gün öň köşklerde ýörite sütünleriň üstünde dürli däneli we kösükli ekinleriň on iki görnüşi ösdürilipdir. Bugdaýyň, arpanyň ýa-da mäşiň gögerişine seredip, täze ýylda boljak hasyl barada çaklama edilipdir. Bu däp adamyň mukaddes toprak bilen berk baglanyşygyny görkezýär we häzirki zaman oba hojalygy üçin hem öz ähmiýetini saklaýar.
Häzirki döwürde Türkmenistan bu gymmatly mirasyň esasy goragçylarynyň biri hökmünde çykyş edýär. 2009-njy ýylda ýurduň hem-de goňşy döwletleriň başlangyjy bilen Nowruz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi, soňra bolsa BMG tarapyndan 21-nji mart Halkara Nowruz güni hökmünde yglan edildi. Bu baýram uly dabaralar bilen bellenilip, medeni gatnaşyklaryň ösmegine we dünýä halklarynyň arasynda dostlugyň berkemegine ýardam berýär. Nowruz täzelenişiň nyşany hökmünde her bir öýe şatlyk, abadançylyk we ýagty geljege bolan ynam getirýär.
Ogultäç AMANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutunyň
4-nji ýyl talyby.
Teswirler