S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty temalaryna bagyşlanan açyk sapak geçirildi. Oňa şahyr, terjimeçi, režissýor hem-de dramaturg Oguljennet Bäşimowa myhman hökmünde gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda talyp ýaşlara söz sungatynyň ähmiýeti, çykyş etmek medeniýeti hem-de suhangöýlük başarnyklary barada giňişleýin maglumat berildi. Myhman çykyşynda täsirli we manyly sözlemegiň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, üstünlikli çykyş etmek üçin zerur bolan usullar we tejribeler barada gürrüň berdi.
Duşuşygyň dowamynda talyplar bilen erkin pikir alyşmalar guralyp, çykyş etmekde ynamlylyk, diňleýjiler bilen aragatnaşyk gurmak hem-de döredijilikli pikirlenmek ýaly meseleler boýunça maslahatlar berildi. Şeýle hem Oguljennet Bäşimowa öz döredijilik ýolundan mysallar getirip, ýaşlaryň edebiýata we sungata bolan gyzyklanmasyny ösdürmegiň möhümdigini nygtady.
Çäräniň netijesinde talyp ýaşlaryň sözleýiş medeniýetini ösdürmek, olaryň jemgyýetçilik öňünde çykyş etmek başarnyklaryny kämilleşdirmek hem-de döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda möhüm ädim ädildi. Şeýle duşuşyklar ýaşlaryň öz pikirini erkin beýan etmek, täze bilimleri we tejribeleri özleşdirmek hem-de döredijilik işjeňligini artdyrmak üçin giň mümkinçilik döredýär.
Duşuşygy Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi bilelikde gurady.
Teswirler