Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary sebitiň hünär hyzmatdaşlygyny ösdürdi

Sebitde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýaş işgärlerini birleşdiren Ikinji sebit okuw maslahaty şowly tamamlandy.

Bäş gün dowam eden çärede gatnaşyjylar hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, sebitiň döwletleri arasynda gepleşikleri çuňlaşdyrmak maksady bilen ýörite intensiw bilim maksatnamasyna gatnaşdylar. Maslahat tejribe alyşmak we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerinde umumy çemeleşmeleri işläp düzmek üçin möhüm meýdança boldy.

Okuw maksatnamasy häzirki zaman diplomatiýasynyň esasy ugurlaryna bagyşlandy. Ýaş hünärmenler BMG-niň gurluşyny, durnukly ösüşi üpjün etmek çärelerini, adam hukuklaryny goramak we halkara hukugynyň kadalaryny öwrenmek mümkinçiliklerini aldylar.

Tapgyrlaryň dowamynda diňe nazary bilimler berilmedi, eýsem amaly maşklar we işjeň çekişmeler bilen ýaş diplomatlar öz başarnyklaryny berkitdiler. Şeýle forum goňşy ýurtlaryň ýaş kadrlary arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin hem möhüm meýdança boldy.

Okuw maslahatynyň üstünlikli tamamlanmagy Merkezi Aziýadaky döwletleriň dünýä meýdançasynda sebitiň bähbitlerini netijeli ilerletmäge ukyply, sebitiň hyzmatdaşlygyny berkitmäge ukyply diplomatik kadrlary taýýarlamagyň möhümdigini tassyklady.

Eziz BATYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok