Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň maslahatlar zalynda ekologiýa ulgamynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Ol «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmaga, şol sanda ýurtda ylmy, ylaýta-da ekologiýa ylmyny ösdürmek meýilnamalaryna bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Duşuşykda tebigaty goramak ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugurlary, şol sanda daşky gurşawa gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen milli ekologiýa merkezini döretmek baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu merkeziň howa şertleri, toprak hem-de suw serişdeleriniň ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamak we seljermek, şeýle hem adam işjeňliginiň tebigy gurşawa ýetirýän täsirini öwrenmek boýunça işleri alyp barmagy göz öňünde tutulýar.
Maslahatyň dowamynda häzirki döwrüň howa üýtgemeleri we sebitdäki ekologiýa ýagdaýy, şol sanda Aral deňzi basseýnindäki ýagdaýlar hem göz öňünde tutulyp, daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça täzelenen döwlet maksatnamasyny taýýarlamagyň ähmiýeti bellenildi.
Şeýle hem hünärmenler ýurduň sanly ekologiýa atlasyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdüler. Bu platforma tebigy landşaftlara, suw desgalaryna hem-de çölleşme hadysalaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän köp derejeli maglumat ulgamyny öz içine alar.
Maslahatyň gatnaşyjylary bu başlangyçlaryň tebigaty goramak çärelerini has netijeli meýilleşdirmäge, şeýle hem ekologiýa boýunça dürli pudaklaryň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjekdigini bellediler.
Jeren ATAMURADOWA,
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň
3-nji ýyl talyby.
Teswirler