Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi (MASEM) milli bölüminiň goldawy bilen agro-ekologik landşaftlary gurakçylyk şertlerine uýgunlaşdyrmak meselesine bagyşlanan bilermenleriň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Maslahata Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň alymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylym-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri, ekologlar hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň esasy maksady gurakçylyk we ygal ýetmezçiligi sebäpli oba hojalygyna hem-de tebigy gurşawa ýetýän täsirleri azaltmagyň amaly ýollaryny kesgitlemek boldy.
Maslahatyň dowamynda halkara bilermenler, şol sanda Dünýä banky hem-de Suw meseleleri institutynyň wekilleri howa şertleriniň üýtgemeginiň sebit derejesinde serhetüsti häsiýete eýedigini bellediler. Şeýle şertlerde ykdysadyýetiň iri suw çeşmeleriniň akymyna baglylygyny göz öňünde tutup, ejiz pudaklara gönükdirilýän maýa goýumlaryny takyk meýilleşdirmek we hemra maglumatlaryna esaslanýan öňünden duýduryş ulgamlaryny ornaşdyrmak möhüm bolup durýar.
Bilermenler howanyň ýylamagynyň çaklanylýan ösüşini hem-de gidrologik ulgamlardaky üýtgeşmeleri hasaba alyp, uzak möhletleýin meýilnamalaşdyryşa aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtadylar.
Forumyň dowamynda oba hojalygynda we suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynda birnäçe amaly çäreleri durmuşa geçirmek teklip edildi. Şeýle çäreleriň hatarynda suw hojalygynda sanly tehnologiýalary ulanmak, ýyladyşhana bakja önümlerini ösdürmek hem-de gurakçylyga çydamly ekin görnüşlerini saýlap almak bar. Şeýle hem suwaryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, ýerasty suwaryş ýaly adaty gidrotehniki usullary ulanmak hem täsirli çözgüt hökmünde görkezildi.
Duşuşygyň netijesinde sebit maksatnamalarynyň çäklerinde dürli pudaklaryň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe teklip taýýarlanyldy. Alymlar milli çäreleriň halkara başlangyçlar bilen utgaşdyrylmagynyň howa boýunça kabul edilen borçnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berjekdigini bellediler.
Uýgunlaşdyryş strategiýalaryny taýýarlamak boýunça işler häzirki maksatnama döwrüniň çäklerinde dowam eder we Türkmenistanyň oba senagat toplumynyň durnukly ösüşine ylmy goldaw berer.
Dawud DÖWLETOW,
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň
3-nji ýyl talyby.
Teswirler