Nowruz – türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlarynyň baýramy

Milli bahar baýramy bolan Nowruz türkmen halkynyň iň gadymy we baý many-mazmunly baýramlarynyň biridir. Bu baýram halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen medeniýetini, däp-dessurlaryny hem-de ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Nowruz diňe bir baharyň gelşini garşy almak däl, eýsem täze ýaşaýşyň, galkynyşyň we täzelenişiň baýramy hökmünde hem kabul edilýär.

Gadymy çeşmelerde hem Nowruz baýramynyň aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde bellenilendigi barada maglumatlar duş gelýär. Alym N. Krameriň “Taryh Şumerde başlaýar” atly kitabynda hem şumerleriň ruhy medeniýetinde bu baýramyň dabaraly bellenilendigi barada aýdylýar. Bu bolsa Nowruzyň taryhynyň örän gadymy döwürlere çenli baryp ýetýändigini görkezýär.

Türkmen halkynyň arasynda Nowruz baýramy aýratyn şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Baýram günlerinde öýler arassalanyp, baýramçylyk saçaklary ýazylýar, dürli milli tagamlar taýýarlanylýar. Nowruz baýramynyň esasy tagamlarynyň biri semeni bolup, ol berekediň we bolçulygyň nyşany hökmünde kabul edilýär. Şeýle hem nowruz ýarmasy, köje, unaş, meşeke ýaly milli tagamlar taýýarlanylýar.

Nowruz baýramynyň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem onuň adamlary birek-birege ýakynlaşdyrmagydyr. Bu günlerde adamlar birek-biregi gutlap, hoşniýetli sözler aýdýarlar, myhmançylyk edýärler. Şeýle däpler jemgyýetde agzybirligiň we dostlugyň berkemegine uly goşant goşýar.

Türkmen nusgawy edebiýatynda hem Nowruz baýramy giňden wasp edilýär. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy öz goşgularynda Nowruzy dünýäniň täzelenişiniň we tebigatyň janlanmagynyň nyşany hökmünde beýan edýär. Şeýle eserler bu baýramyň türkmen halkynyň ruhy dünýäsi bilen berk baglanyşyklydygyny görkezýär.

Häzirki döwürde Nowruz baýramy Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli medeni çäreler, konsertler we halk dabaralary geçirilýär. Bu çäreler halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny ýaş nesillere ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, Nowruz baýramy diňe bir baharyň gelşiniň nyşany bolman, eýsem türkmen halkynyň baý taryhyny, milli däp-dessurlaryny we ruhy gymmatlyklaryny dünýä tanadýan möhüm medeni baýram hökmünde çykyş edýär.

Şemşat ÝAGŞYMYRADOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok