Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda kemala gelen arzuwlaryň hem-de ynançlaryň aýdyň beýany bolup durýar. Şol gymmatlyklaryň arasynda aýratyn orun eýeleýän baýramlaryň biri hem Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz günüdür. Bu baýram türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny, milli ýörelgelerini we ruhy dünýäni özünde jemleýän iň gadymy baýramlaryň biridir.
Nowruz baýramynyň taryhy müňlerçe ýyl öňki döwürlere çenli uzap gidýär. “Nowruz” sözi pars dilinden gelip çykyp, “now” – täze, “ruz” – gün diýen manyny aňladýar. Şeýlelikde, Nowruz täze günüň, täze ýylyň başlanmagynyň nyşany hökmünde kabul edilýär. Gadymy döwürlerden bäri Nowruz ýaz paslynda gije bilen gündiziň deňleşýän wagtynda, ýagny 21-nji martda bellenilip gelinýär. Bu döwür tebigatyň janlanýan, ýer ýüzünde täze ýaşaýşyň başlanýan wagty hökmünde kabul edilýär.
Taryhy maglumatlara görä, Nowruz baýramy diňe bir türkmenleriň arasynda däl, eýsem beýleki Gündogar halklarynyň arasynda hem giňden bellenilipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň arasynda alnyp barylan söwda we medeni gatnaşyklary netijesinde bu baýramyň däpleri dünýäniň dürli künjeklerine ýaýrapdyr. Şeýlelikde, Nowruz halklaryň arasynda dostlugyň, agzybirligiň we hoşniýetli gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edipdir.
Türkmen halky Nowruzy aýratyn dabara bilen garşy alýar. Baýramçylyk günlerinde dürli milli tagamlar taýýarlanylýar, halk oýunlary we medeni çäreler geçirilýär. Nowruz saçagynda aýratyn orun eýeleýän tagamlaryň biri semeni bolup durýar. Şeýle hem bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut we noýba ýaly däneli ösümliklerden taýýarlanan dürli tagamlar baýramçylyk saçagyny bezäp durýar. Bu däp berekediň, bolçulygyň we abadançylygyň nyşany hökmünde kabul edilýär.
Häzirki döwürde Nowruz diňe bir milli baýram bolman, eýsem halkara derejesinde giňden tanalýan medeni baýramlaryň birine öwrüldi. 2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 21-nji mart Halkara Nowruz güni diýip yglan edildi. Şeýle hem Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Netijede, Nowruz baýramy halklaryň arasynda dostlugy, parahatçylygy we ynsanperwerligi wagyz edýän möhüm medeni baýramlaryň biridir. Bu baýram diňe bir baharyň gelendigini buşlamak bilen çäklenmän, eýsem täze başlangyçlaryň, ýagşy umytlaryň we ýagty geljegiň nyşany hökmünde hem çykyş edýär.
Medine NURYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler