Türkmenistanly pedagoglar​ AELLCA​ taslamasynyň çäginde geçirilýän halkara hyzmatdaşlyk sammitine gatnaşýarlar.

2026-njy ýylyň 5–7-nji​ marty aralygynda Daşkent şäherinde “Angliýa–Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk Sammiti” geçirilýär. Britan Geňeşiniň (British​ Council​) guramagynda geçirilýän bu çäre, sebitde iňlis dili biliminiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen AELLCA​ taslamasynyň möhüm bölegidir. Taslamanyň esasy maksady — geljekki mugallymlary taýýarlamak maksatnamalaryna (PRESETT​) inklýuziw okatmak usullaryny ornaşdyrmak arkaly, ähli talyplar üçin deňhukukly we döwrebap okuw gurşawyny döretmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda Birleşen Patyşalygyň we Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 11 sany strategik hyzmatdaşlyk hereket edip, olar bu ugurda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirýärler.

Bu halkara forumda Türkmenistana wekilçilik edýän hünärmenleriň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň iki sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň — Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen döwlet diller institutynyň mugallymlary we hünärmenleri sammitiň işine işjeň gatnaşýarlar. Angliýadan​ we Merkezi Aziýadan jemi 28 hyzmatdaş guramany jemleýän bu çäräniň dowamynda türkmen wekilleri plenar mejlislerde, amaly okuwlarda we master-klaslarda iňlis dilini okatmagyň iň täze usulyýetlerini hem-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň gurallaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.

Sammitiň netijesi boýunça AELLCA​-nyň “Iňlis dili we inklýuziw​” ugruna esaslanýan ýörite “Gowy tejribeler gollanmasy” (Good Practice​ Guide​) taýýarlanar we täze bilelikdäki dil taslamalaryna badalga berler. Bu halkara maslahat Özbegistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Bilim ministrlikleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Türkmen tarapynyň şeýle ýokary derejeli çärä gatnaşmagy, milli bilim ulgamyna halkara standartlara laýyk gelýän innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmaga, şeýle hem sebitiň bilim ulgamlarynyň halkara derejesinde integrasiýasyny çaltlandyrmaga ýardam eder.

Oguljahan GURBANOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary
we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok