«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylyň her güni şanly ýeňişlere, uly üstünliklere beslenýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar hakyndaky ajaýyp başlangyçlaryndan ugur alyp, «Adalat» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynda işleýän ýaş hünärmenleriň, hukuk hünäri boýunça okaýan zehinli talyplaryň döredijilikdäki ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, kämilleşdirmek hem-de olary täze gözleglere we üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen «Jan Watanym Türkmenistan!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:
1. Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan raýatlar gatnaşyp bilerler.
2. Döredijilik bäsleşigine iberilýän makalalar, goşgular, hekaýalardyr bolup geçen wakalar ozal hiç ýere iberilmedik we çap edilmedik bolmaly.
3. Bäsleşige şu ugurlardaky döredijilik işleri kabul edilýär:
— Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň netijesinde ýurdumyzyň gazanan ösüşlerini, kanunçylygymyzdaky özgertmeleri, milli ýörelgelerimizi, ýagşy däp-dessurlarymyzy wasp edýän şygyrlar, hekaýalar, kyssa eserleri, liriki oýlanmalar, (publisistik, çeper-publisistik) makalalar, oçerkler;
— Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleri beýan edýän dürli žanrdaky çykyşlar;
— hukuk temasyndan düzülen krosswordlar;
— ýurdumyzyň ösüşlerini wagyz edýän owadan fotokollažlar, çekilen surat eserleri.
4. Bäsleşige gelip gowşan eserlere emin agzalary baha berýärler.
5. Bäsleşige hödürlenilýän çykyşlar «Jan Watanym Türkmenistan!» atly döredijilik bäsleşigine» diýen bellik bilen «Adalat» gazetiniň redaksiýasyna iberilýär.
6. Emin agzalary tarapyndan mynasyp hasaplanylan eserleri «Adalat» gazetinde çap etmek göz öňünde tutulýar.
7. Bäsleşik Düzgünnama gazetde çap edilen gününden başlaýar. Ol hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda jemleniler.
8. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Bäsleşige hödürlenilýän işleri şu salga ibermeli:
Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly — 100, 744604, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany, «Adalat» gazetiniň redaksiýasy.
Teswirler