Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulýar. Bu uly göwrümli özgertmeleriň we ýetilýän belent sepgitleriň iň esasy sütünleriniň biri hem ylym we bilimdir. Döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň özeninde «Beýik işler bilime daýanýar» – diýen pähimli ýörelge ýatyr. Sebäbi ylym we bilim diňe bir maglumatlar toplumy bolman, eýsem islendik ýurduň durnukly ösüşini, ykdysady kuwwatyny we halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýän iň berk binýatdyr.
Bilim ulgamy jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatyny kemala getirýän esasy guraldyr. Häzirki zaman dünýäsinde täze bilimleri çalt özleşdirmek we olary önümçilige ornaşdyrmak ukyby döwletiň bäsleşige ukyplylygyny kesgitleýär. Türkmenistanda ýaş nesle döwrebap bilim bermek, olaryň ylmy-döredijilik ukyplaryny açmak üçin ähli şertler döredilýär. Täze açylýan okuw mekdeplerinde robototehnika, mawy ykdysadyýet, bioinženeriýa we maglumat howpsuzlygy ýaly geljegi uly bolan ugurlar boýunça hünärmenleriň taýýarlanmagy, biziň ertirki günümiziň has-da ýagty boljakdygyna güwä geçýär. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bolsa, okatmagyň usullaryny kämilleşdirip, talyp ýaşlaryň dünýäniň iň täze ylmy açyşlaryndan habardar bolmagyna şert döredýär.
Şeýlelikde, ylym we bilim biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bilimli ýaşlar ylmyň täze sahypalaryny açýarlar, ylym bolsa döwletiň ösüş ýollaryny ýagtylandyrýar. Her bir ylmy açyş, her bir täze bilim Watanymyzyň berkararlygynyň sarsmaz binýadyny has-da berkitmäge goşulan uly goşantdyr. Sowatly we giň gözýetimli nesil — bu biziň güýjümiz, bu biziň geljegimizdir.
Ýaşlaryň iň döwrebap bilim almagyna, ylmy-barlaglar bilen meşgullanmagyna we dünýä derejesindäki hünärmenler bolup ýetişmegine giň ýol açan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirýäris! Goý, ylym-bilim ugrunda beýik maksatlara ýetirýän döwlet Baştutanlarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Ogşuk EMINE,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler