2026-njy ýylyň 22–28-nji fewraly aralygynda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherindäki Wena halkara merkezinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (IAEA) tarapyndan Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde täze taslama hyzmatdaşlary, milli aragatnaşyk ýolbaşçylary hem-de olaryň kömekçileri üçin giriş okuw maslahaty geçirildi.
Bu halkara okuw çäresine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň başlygy, maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Kadyr Amanow gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylara IAEA-nyň Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň gurluşy, taslamalaryň taýýarlanyş we ýerine ýetiriliş tertibi, maliýeleşdiriş mümkinçilikleri, şeýle hem hasabatlylyk we monitoring ulgamlary barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle-de halkara taslamalary dolandyrmakda peýdalanylýan «InTouch+» maglumat ulgamy hem-de beýleki sanly platformalar bilen tanyşdyryldy.
Okuw maslahatynyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen wekiller bilen tejribe alyşmak mümkinçiligi döredildi we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle çäreler uniwersitetiň halkara taslamalara gatnaşygyny giňeltmäge, taslama dolandyryş tejribesini ösdürmäge hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary berkitmäge uly goşant goşýar.
Wena şäherinde guralan bu halkara okuw maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçip, gatnaşyjylara täze bilimleri we tejribeleri gazanmaga mümkinçilik berdi.
Aýjemal ALLAGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Dokma önümçiligi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler