Tebigaty goramak köplenç Kanunlar, düzgünler we jerimeler arkaly düşündirilýär. Hakykatdan hem, daşky gurşawy goramak boýunça kabul edilen kadalar jemgyýeti tertipleşdirmäge kömek edýär. Emma diňe Kanun bilen tebigaty gorap bolmaýar. Sebäbi Kanun adamdan daşarda duran güýje daýanýar, tebigaty goramak bolsa, ilki bilen, adamyň içindäki ahlaga baglydyr. Kanun adama näme etmelidigini aýdýar, ahlak bolsa adamyň näme etmelidigini özüne düşündirýär. Tebigata bolan gatnaşyk hem, hut şundan başlanýar. Adam hiç kimiň görmeýän wagtynda-da zibil taşlamaýan bolsa, bu onuň Kanuna boýun bolýandygy üçin däl, eýsem ahlak jogapkärçiligi sebäplidir. Şonuň üçin, tebigaty goramak meselesinde ahlak düşünjesi aýratyn möhümdir.
Adamzat tebigaty köplenç özüne hyzmat etmeli serişde hökmünde kabul etdi. Suw – içmek üçin, ýer – ekin üçin, tokaý – agaç almak üçin. Bu garaýyş ösüşiň belli bir döwründe peýdaly boldy. Emma häzirki döwürde bu pikirleniş üýtgedi. Şoňa görä-de, tebigaty diňe peýda çeşmesi hökmünde görmek onuň durnuklylygyny ýok edýär.
Ahlak taýdan tebigaty goramak – bu tebigatyň hem öz hukugynyň bardygyny kabul etmekdir. Tebigat diňe adam üçin däl, eýsem öz-özüni dowam etdirmek üçin hem ýaşaýar. Bu düşünje adamyň tebigat bilen «eýelik» däl-de, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny döretmegini talap edýär. Köp ýagdaýlarda tebigata ýetirilen zyýan Kanunyň bozulanlygy sebäpli däl-de, eýsem biperwaýlyk sebäpli ýüze çykýar. Kanun her bir ýagdaýy öňünden göz öňünde tutup bilmeýär. Emma ahlakly adam her bir ýagdaýda özüni saklap bilýär. Şonuň üçin ekologiýa medeniýeti jemgyýetiň ähli gatlaklarynda kemala gelmelidir.
Bu ýerde terbiýäniň orny örän uludyr. Çaga tebigata bolan hormaty kitapdan däl, ulularyň hereketlerinden öwrenýär. Agaç döwülende ses çykarmaklyk däl, agaç döwmezlik ahlakdyr. Suwy tygşytlamak barada gürlemeklik däl, suwy tygşytlamak ahlakdyr. Jemgyýetde ekologik ahlak söz bilen däl, hereket bilen berjaý edilmelidir. Ekologik ahlak diňe şahsy durmuş bilen çäklenmeýär. Ol jemgyýetçilik kararlarynda hem öz ornuny tapmalydyr. Tebigata zyýan ýetirýän, emma ykdysady taýdan peýdaly ýaly görünýän çözgütler ahlak taýdan sorag astyna alynmalydyr. Sebäbi gysga möhletli peýda uzak möhletli zyýanyň öwezini dolup bilmez. Ýaş nesiller bu babatda aýratyn jogapkärçilik çekýär. Sebäbi olar diňe häzirki jemgyýetiň däl, eýsem geljekki jemgyýetiň hem ahlak binýadyny gurýar. Ekologik ahlagy ýaşlar üçin wagyz edilýän teoriýa däl-de, gündelik durmuşyň bir bölegine öwrülmelidir. Şeýle bolanda Kanunlar hem has täsirli bolar.
Tebigaty goramakda ahlakly çemeleşme adamyň özüni hem üýtgedýär. Tebigata hormat eden adam, adatça, başgalara hem hormat bilen çemeleşýär. Sebäbi tebigat bilen gatnaşygy ahlakly bolan adam, ýaşaýşa bolan umumy garaýşyny hem sazlaýar. Ekologiýa bu ýerde diňe daşky gurşaw däl-de, eýsem içki arassaçylyk meselesidir.
Tebigaty goramak diňe kadalaryň ýerine ýetirilmegi bilen çäklenmeýär. Tebigatyň geljegi – adamyň ahlak derejesiniň aýnasydyr.
Agabaý ÝEGŞEMOW,
«Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi»
jemgyýetçilik guramasynyň
agzalyk işleri boýunça hünärmeni.
Teswirler