2026-njy ýylyň 4-nji martynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralan okuw maslahatynyň çäklerinde Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary emeli aňyň we sanly innowasiýalaryň jemgyýetiň hem-de ykdysadyýetiň ösüşindäki ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Maslahatyň dowamynda BMGÖM-niň halkara bilermeni Tristan Post sanly endikleriň ösdürilmeginiň, tehnologiýalary jogapkärçilikli we etik taýdan dogry ulanmagyň möhüm ähmiýetini aýratyn belledi. Şeýle hem ol emeli aňyň bilim ulgamyna, döwlet hyzmatlaryna we geljekde zähmet bazarynda emele geljek hünärlere ýetirýän täsiri barada giňişleýin maglumat berdi.
Çärä gatnaşan talyplar emeli aňyň ösüşiniň ilkinji döwürlerinden häzirki döwürde giňden ulanylýan öňdebaryjy ulgamlara çenli geçen ýoluna syn etdiler. Şeýle-de awtomatlaşdyrma we täze tehnologiýalaryň zähmet bazaryny nähili üýtgedýändigi barada pikir alyşmalar geçirildi. Maslahatda geljekde zerur boljak endiklere, täze ýüze çykýan hünärlere hem-de emeli aňyň jemgyýetdäki giň täsirine aýratyn üns berildi.
«Ýaşlar we sanly özgertmeler: durnukly ösüş üçin innowasiýalar» atly okuw maslahat tapgyry, BMGÖM bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirildi.
Ejegül ATAGELDIÝEWA,
Mary nebitgaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler