Türkmenabat abatlaýyş zawodynda önümçilik ösüşi üpjün edilýär

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan ýurdumyzyň agrosenagat toplumyna getirilen döwrebap tehnikalaryň agrotehniki talaplara laýyklykda netijeli ulanylmagy ýerden bol hasyl almakda we oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär.

Örän jogapkärli möwsüm hasaplanýan gowaça ekişi, şeýle hem ýakynlaşyp gelýän bugdaý oragy döwründe tehnikalaryň bökdençsiz işlemegi aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle döwürde ekijileriň, kombaýnlaryň hem-de dürli tirkeg gurallarynyň kadaly işini üpjün etmek üçin olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň ýeterlik goruny döretmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat abatlaýyş zawodynda oba hojalyk tehnikalary üçin ýokary hilli ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmek hem-de dikeltmek işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Kärhanada polipropilen plastmassadan, şeýle hem alýumin we çoýun metallaryndan eredip guýmak arkaly ätiýaçlyk şaýlarynyň 150-den gowrak görnüşi taýýarlanylýar. Bu önümler ýokary hili, çydamlylygy we ykdysady taýdan amatlylygy bilen tapawutlanýar.

Zawodyň zähmetsöýer işgärleriniň döredijilikli zähmeti netijesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň» ýylynyň ilkinji iki aýynda meýilnama 102 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle-de şu ýylyň ýanwar–fewral aýlarynda önümçilik ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarlandy. Bu döwürde pagta we däne ýygyjy kombaýnlara, şeýle-de pagta hem galla ekiji tehnikalara degişli 9 müň 300-den gowrak ätiýaçlyk şaýy öndürildi.

Kärhanada taýýarlanylýan ätiýaçlyk şaýlary diňe bir oba hojalyk tehnikalary üçin däl, eýsem «Gallaönümleri», pagta arassalaýjy kärhanalara hem-de «Azyk» önümçilik birleşigine iberilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň oba hojalyk önümçilik birleşikleriniň hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarynyň buýurmalary boýunça dürli görnüşli ätiýaçlyk şaýlary taýýarlanylýar.

Aýjemal JORAÝEWA,

Farap etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň

himiýa mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok