«Diplomatik protokol» okuwynyň jemleri jemlendi

2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän «Diplomatik protokol» ýöriteleşdirilen okuw merkezinde diplomatlar we beýleki hünärmenler üçin guralan gysgamöhletleýin okuw sapagy üstünlikli tamamlandy. Okuwyň jemleri boýunça gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda ýörite şahadatnamalar gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Okuwa ýurdumyzyň daşary syýasat ulgamynda zähmet çekýän diplomatlar hem-de hünärmenler, şol sanda daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Şahadatnamalary diplomatik gullukda baý tejribe toplan diplomatlar hem-de institutyň professor-mugallymlary dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.

Çäräniň ahyrynda ýaş hünärmenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza diplomatik gullugy ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda döredýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Şeýle-de olar öňde goýlan möhüm wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Ogulbibi Baýrammämmedowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok