Hazarda deňiz zibillerine garşy sebit taslamasy başlady

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy (ÝUNEP), Tähran konwensiýasynyň Sekretariaty hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda «Deňiz zibilleri we deňiz plastik galyndylaryna garşy göreş – Hazarda ulgamlaýyn çemeleşme» atly sebit taslamasynyň başlanmagyna bagyşlanan tanyşdyryş maslahatyny geçirdi.

Maslahata degişli döwlet edaralarynyň, pudaklaýyn düzümleriň, ylmy merkezleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäre taslamanyň Türkmenistanda resmi taýdan işe girizilendigini alamatlandyryp, Hazar deňziniň aýratyn-da plastik galyndylar sebäpli hapalanmagynyň öňüni almak hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça pikir alyşmak üçin giň mümkinçilik döretdi.

Duşuşygyň dowamynda taslamanyň esasy maksatly ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, galyndylary dolandyrmak boýunça kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, gözegçilik mehanizmlerini ösdürmek, hapalanmagyň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek hem-de Tähran konwensiýasynyň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns çekildi.

Bellenilişi ýaly, bu sebit başlangyjy deňiz zibilleriniň emele gelýän çeşmelerini we olaryň ýaýraýyş ýollaryny öwrenmegi, degişli maglumatlary toplap seljermegi, hukuk kadalaryny döwrebaplaşdyrmagy, aýlawly ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmagy we önümiň doly durmuş siklini nazara almagy göz öňünde tutýar. Şeýle hem taslama galyndylary dolandyrmak ulgamyna maýa goýumlary çekmegi, ýerli jemgyýetleriň, zenanlaryň hem-de işewür toparlarynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegi maksat edinýär. Bu barada BMGÖM-niň Türkmenistandaky ekologiýa toparynyň maksatnama seljerijisi Farhat Orunow belläp geçdi.

Taslama Russiýa Federasiýasynyň maliýe goldawy bilen Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan we Türkmenistanda amala aşyrylýar hem-de 2027-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli dowam eder.

Başlangyjyň çäklerinde Hazar deňzine gury ýerden gelip düşýän hapalaýjy çeşmelere aýratyn ähmiýet berler. Şeýle hem bu çäreler Hazarýaka döwletleriň häzirki wagtda durmuşa geçirýän işlerine laýyklykda utgaşdyrylar we Tähran konwensiýasynyň çägindäki hyzmatdaşlyk tejribesine daýanar.

Taslamanyň işe girizilmegi Hazarýaka ýurtlarynyň sebit derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de Hazar deňziniň täsin ekoulgamyny geljek nesiller üçin gorap saklamaga ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.

Hallybibi AMANTAEWA,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň
4-nji Çagalar bakja bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok