Türkmenistan ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Hökümeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly halkara giňişlikde işjeň ornuny pugtalandyrýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde 2026-njy ýyl üçin degişli hyzmatdaşlyk meýilnamasyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Meýilnama Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow tarapyndan hödürlenip, howpsuzlygyň esasy ugurlaryny we birnäçe täze başlangyçlary öz içine alýar.

Olaryň hatarynda öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, serhet we gümrük ulgamyny kämilleşdirmek, kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmak, ykdysady ösüşi we sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik durnuklylygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek, bilim we ylym ulgamynda adam hukuklaryny goramak, demokratik institutlary berkitmek, gender deňligini üpjün etmek hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek ýaly möhüm ugurlar bar.

Döwlet Baştutany halkara guramalar bilen yzygiderli we ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygyny nygtady hem-de degişli görkezmeleri berdi.

Didarmuhammet MELEJÄÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok