TSTP-niň “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy we TMÝG-niň Meýletinçiler merkeziniň geňeşçisi Merdan Ataýew S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlar bilen duşuşyk geçirip, “Ýaş hünärmenleriň zähmet bazaryna üstünlikli uýgunlaşmagy” mowzugynda çykyş etdi. Çykyşynda ol ýaşlaryň bilimlerini hünär derejesine laýyk ösdürmegiň we önümçilik bilen bilimiň arasyndaky baglanyşygy berkitmegiň möhümdigini belledi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrligi, TBM-niň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TMÝG-niň Meýletinçiler merkezi hem-de TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda “Ýaş telekeçiler” merkezi bilelikde gurady. Gatnaşyjylar hem bu tejribe alyşma çäresinde zähmet bazarynda üstünlik gazanmak üçin zerur başarnyklary öwrenmek mümkinçiligine eýe boldular.
Merdan Ataýew çykyşynda geljekki hünär meýilnamasyny düzmekde, sanly başarnyklary ösdürmekde we iş orunlaryny saýlamagyň ýol-ýörelgelerini öwrenmegiň möhüm bolup durýandygyny nygtady. Şeýle-de ol bilim bilen önümçiligi sazlaşykly ösdürmegiň ýaş hünärmenleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýandygyny belledi.
Duşuşyk ýaşlaryň geljekki hünär ýoluna taýýarlygyny güýçlendirmek we zähmet bazarynda has netijeli çykyş etmek üçin möhüm ähmiýete eýe boldy.
Teswirler