Azyk önümleriniň hiline bolan talap dünýäde barha ýokarlanýar. Okyjylar we sarp edijiler diňe bir tagamly däl, eýsem saglyga peýdaly we howpsuz önümleri saýlaýarlar. Şonuň üçin-de azyk önümlerini gaýtadan işlemekde tebigylygyň saklanylmagy we ekologik arassalyk esasy ýörelgeleriň birine öwrüldi.
Döwrebap tehnologiýalar miweleriň, gök önümleriň we beýleki oba hojalyk önümleriniň peýdaly maddalaryny mümkin boldugyça doly saklamaga mümkinçilik berýär. Sowadyş, guratma, gaplama ýaly tapgyrlar häzirki wagtda ýokary talaplara laýyklykda amala aşyrylýar. Şeýle ýagdaý önümleriň diňe bir içki bazarda däl, eýsem halkara derejesinde hem bäsdeşlige ukyply bolmagyna ýardam edýär.
Şeýle-de gaýtadan işlemek azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm bölegidir. Çünki çig malyň ýerinde gaýtadan işlenmegi ýitgileri azaltmaga, saklanyş möhletini uzaltmaga hem-de ýylyň ähli döwründe bazary durnukly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Netijede, bu pudagyň ösdürilmegi ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we ilatyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna hyzmat edýär.
Sonagül KARAŞEWA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty
muzeýiniň Mahabatlandyryş neşir edijilik
bölüminiň wideoýazgylarynyň operatory.
Teswirler