Sanly çözgütler boýunça hünärmen Arslan Tekäýew Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Energetika we inženerçilik desgalary” hem-de “Ykdysadyýet we dolandyryş” fakultetlerinde “Sessiz awtomatizasiýa: netijeliligiň täze tapgyry” atly leksiýa bilen çykyş edip, awtomatizasiýanyň häzirki zaman iş dolandyryşyndaky möhüm ornuny giňişleýin düşündirdi. Çärä talyp ýaşlar we mugallymlar tarapyndan uly gyzyklanma bildirildi. Gatnaşyjylar sanly tehnologiýalaryň iş proseslerini has netijeli, takyk we çalt guramaga nähili ýardam berýändigi barada maglumat aldylar.
Çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, TBM-niň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, TMÝG-niň Meýletinçiler merkezi hem-de TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda Ýaş telekeçiler merkezi tarapyndan bilelikde guraldy.
Arslan Tekäýew çykyşynda awtomatizasiýanyň diňe uly IT toparlarynyň ýa-da daşary ýurt kompaniýalarynyň işi däldigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, iş prosesine içgin düşünýän ýerli hünärmenler hem sanly ulgamlary üstünlikli ornaşdyryp bilerler. Şeýle-de ol býujetleriň jemlenmegi, myhmanlary hasaba almak, iş saparlaryny tassyklamak ýaly administratiw işleriň el bilen ýerine ýetirilmeginiň köp wagt talap edýändigini hem-de ýalňyşlyklara getirip bilýändigini nygtady.
Sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bolsa işiň tizligini ýokarlandyrýar, maglumatlaryň takyklygyny üpjün edýär we düzgünnama hem-de audit talaplarynyň ýerine ýetirilmegini ýeňilleşdirýär. Hünärmen döredilýän ähli içerki sanly ulgamlaryň diňe içerki mümkinçilikleriň esasynda taýýarlanylýandygyny hem-de olaryň doly on-premise görnüşinde işleýändigini aýtdy. Şeýle çözgütler gaýtalanýan işleri azaltmaga, işgärleriň işini ýeňilleşdirmäge we umumy iş hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Leksiýanyň dowamynda awtomatizasiýanyň işgärleri çalyşmak üçin däl-de, olaryň işini goldamak, wagtyny tygşytlamak we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin niýetlenmelidigi aýratyn bellenildi. Çäräniň ahyrynda geçirilen sorag-jogap sessiýasy sanly başarnyklar, awtomatizasiýa we hünär ösüşi boýunça gyzykly pikir alyşmalara öwrüldi.
Çäräniň dowamynda uniwersitetiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Atamyrat Ylýasow hem çykyş etdi. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýylyň “’Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi. Soňra çykyşynda Hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlar baradaky aladalarynyň giň gerimlidigini, ýaşlaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly we ýokary ahlakly bolup kemala gelmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.
A.Ylýasow ýaşlaryň uly ynama mynasyp bolup, halal zähmet, yhlas, erjellik we watansöýüjilik bilen jogap bermelidigini nygtady. Şeýle hem ýaş nesliň ýaşuly nesliň tejribesinden we paýhasyndan ugur alyp, Watanyň ösüşine mynasyp goşant goşmalydygyny aýtdy.

Şeýle-de TSTP-niň “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy we TMÝG-niň Meýletinçiler merkeziniň geňeşçisi Merdan Ataýew çykyş edip, ýaşlaryň geljekde hünär saýlamagy hem-de önümçilik bilen bilimiň arasyndaky baglanyşygy berkitmegiň ähmiýeti barada durup geçdi. Ol häzirki döwürde bilim ulgamynyň önümçilik bilen sazlaşykly ösdürilmeginiň ýaş hünärmenleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýandygyny belledi.
Çäräniň dowamynda edilen çykyşlar ýaşlaryň sanly başarnyklaryny ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary özleşdirmek we hünär taýdan kämilleşmek ugrunda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Teswirler