2026-njy ýylyň 10–13-nji fewraly aralygynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen FIRST Tech Challenge (FTC) robot tehnikasy boýunça sebit tapgyry ýurdumyzyň okuwçylary üçin uly üstünlik bilen tamamlandy. Ýurdumyza wekilçilik eden «Oguzrobot» topary ýokary taýýarlygyny görkezip, Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bu ýaryş gerimi we gatnaşyjylarynyň sany bilen aýratyn tapawutlandy. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan, şol sanda Hongkongdan, Estoniýadan, Wýetnamdan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Gazagystandan 80-e golaý topar gatnaşdy. Şeýle ýokary bäsdeşlik şertlerinde türkmen ýaşlarynyň gazanan netijeleri uly gyzyklanma döretdi.
Toparymyz ilkinji tapgyrlarda ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, iň jogapkärli saýlama tapgyryna çykmagy başardy. Saýlama duşuşyklaryň çylşyrymly dört oýnunyň ikisinde ýeňiş gazanyp, robotyň tehniki çözgütleri, dizaýny we programmalanyşy boýunça eminlerden ýokary baha aldy. Netijede, toparyň innowasion çemeleşmesi we tehniki ussatlygy göz öňünde tutulyp, olara Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek halkara robot ýaryşyna gatnaşmak üçin ýörite hukuk(kwota) berildi.
«Oguzrobot» topary Aşgabat şäherindäki 97-nji hem-de 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülip, paýtagtdaky «Kämil bilim» okuw merkezinde taýýarlyk geçdi.
Geçen ýylda hem Astanada geçirilen ýaryşda halkara üstünlik gazanan ýaşlarymyzyň bu ýyl Hytaýda geçiriljek bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanmagy ýurdumyzda STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) biliminiň ýylsaýyn kämilleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Nurmuhammet BORJAKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler