TÜRKSOÝ-da türkmen kinosynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

TÜRKSOÝ-nyň merkezi edarasynda türkmen kinosynyň döredilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy bilen bilelikde guralan bu duşuşyga medeniýet işgärleri hem-de diplomatlar gatnaşdy.

Türkmen wekiliýetine medeniýet ministri Atageldi Şamyradow ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de onuň düzüminde Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Annasähet Kakaýew hem-de Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýolbaşçysy Sahysalyh Baýramow bardy. Çäräniň esasy bölegi «Türkmen kinosy: geçmişden şu güne» atly maslahat bolup, onda milli kino sungatynyň ýüz ýyllyk ösüşi seljerildi.

TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew gutlag çykyşynda 1926-njy ýyldan başlanýan türkmen kinematografiýasynyň diňe bir ýurt üçin däl, eýsem ähli türk dünýäsiniň gymmatly medeni mirasynyň bir bölegidigini aýtdy. Şeýle-de ol türkmen filmleriniň soňky ýüz ýylda çeperçilik taýdan ýokary derejä ýetendigini belledi.

Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow halkara hyzmatdaşlygyň milli sungaty dünýä tanatmakdaky ähmiýetini nygtady. Ol 1935-nji ýylda döredilen «Men gaýdyp gelerin» hem-de 1936-njy ýylda surata düşürilen «Umbara» filmleriniň milli kino pudagynyň ösüşinde möhüm binýat bolandygyny aýtdy.

Häzirki döwürde «Türkmenfilm» birleşiginiň işi täze tehnologiýalaryň ulanylmagy we mazmun taýdan çuňňur filmleriň döredilmegi bilen tapawutlanýar. Hünärmenler «Istärin», «Kompozitor», «Kemine», «Gyzyl kürte» we «Gyzyl alma» ýaly soňky ýyllaryň üstünlikli filmlerini aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem «Kompozitor» filminiň Russiýada geçirilen «Merjen kebelejigi» baýragyna eýe bolmagy türkmen kinosynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

2023-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen «Arkadagyň säheri» halkara kinofestiwalynyň ýurduň medeni abraýyny ýokarlandyrmakdaky orny hem aýratyn nygtaldy.

Duşuşyk dowamynda kino sungatynyň nusgawy eserleri — «Şükür bagşy», «Aýgytly ädim», «Meniň dostum Meleguş» we «Jadyly jöwher» ýaly filmler ýatlanyldy. Şeýle-de Alty Garlyýew, Bolat Mansurow we Meret Atahanow ýaly meşhur ussatlaryň döredijiliginiň häzirki ýaş režissýorlar üçin görelde bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Çäre türkmen halkynyň taryhy däpleri bilen häzirki döwrüň döredijilik ruhuny birleşdirýän «Galkynyş atlary» atly gysga metražly filmiň görkezilmegi bilen jemlendi.

Läle AKGYLYJOWA,

Mary nebitgaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok