2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen harytlary goýbermegiň wagtyny bahalandyrmak (TRS) boýunça ikinji bilelikdäki sebit okuw maslahatyna gatnaşdylar. Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen duşuşyk serhet amallaryny kämilleşdirmek ugrunda tejribe alyşmak üçin Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň hünärmenlerini birleşdirdi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Okuw maslahaty Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) hem-de Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan, Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejileri komitetiniň goldaw bermeginde guraldy.
Çärä Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletleriniň gümrük administrasiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahat sebit derejesinde hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bir hatarda, halkara bilermenleriň gümrük gözegçiliginiň netijeli usullary boýunça tejribesini paýlaşmaga şert döretdi.
Türkmen hünärmenleriniň bu çärä gatnaşmagy ýurduň öňdebaryjy halkara ülňülerini ornaşdyrmaga we gümrük amallarynyň aýdyňlygyny ýokarlandyrmaga ygrarlydygyny görkezýär.
Okuw maslahatynyň dowamynda esasy üns TRS ulgamynyň iş ýüzünde ornaşdyrylmagyna gönükdirildi. Bu gural harytlary goýbermek üçin sarp edilýän wagty takyk ölçemäge, logistika zynjyryndaky bökdençlikleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Gatnaşyjylar gümrük amallaryndaky päsgelçilikleri azaltmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşyp, milli hem-de sebit derejesinde degişli teklipleri taýýarladylar.
Şeýle çäreleriň durmuşa geçirilmegi import, eksport we üstaşyr daşamalaryň tizleşmegine, ulag geçelgeleriniň geçirijilik ukybynyň artmagyna hem-de sebitiň ykdysady ösüşine oňyn täsir etmegine garaşylýar.
Anwar ALTYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň
4-nji ýyl talyby.
Teswirler