2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna bagyşlanan metbugat duşuşygy geçirildi. Brifinge Gruziýanyň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Brifinge «1TV» birinji tele-ýaýlymyň, «Объектив» teleýaýlymynyň, «The Georgian Business Week» işewürlik neşiriniň, «Europe 24» media-holdinginiň, «Georgia Press» guramasynyň, «News Day Georgia» habarlar agentliginiň, «Geoecohub» onlaýn neşiriniň, «Resonans», «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Комсомольская правда», «Vecherni Tbilisi», «Vrastan» gazetleriniň žurnalistleri we Gruziýanyň «Geocase» seljeriş merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow çykyşynda 2026-njy ýylyň şygarynyň ýurdumyzyň ösüşiniň esasy ugurlaryny, jemgyýetçilik jebisligini hem-de ahalteke bedewleriniň ösüşe ymtylmagyň nyşany hökmünde aýratyn ornuny şöhlelendirýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby tanyşdyryldy. Kitapda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň kemala geliş tapgyrlary hem-de onuň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilmeginiň ähmiýeti giňişleýin beýan edilýär.
Ilçi çykyşynda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, ýokary derejeli saparlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berýändigini belledi.
«The Georgian Business Week» neşiriniň baş redaktory W.Miroşniçenko Türkmenistana bagyşlanan žurnalyň täze sany bilen tanyşdyryp, onuň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge hyzmat edýändigini aýtdy.
Gruziýanyň at gazanan žurnalisti, professor B.Naçkebiýa Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän dünýäde parahatçylygy berkitmäge, halklaryň arasynda dostlukly we doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini nygtady. Ol Bitaraplyk ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem wajyp meseleleri özara ynanyşmagyň, dialog arkaly hem-de jogapkärçilik esasynda ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm guraldygyny belledi.
Täçmyrat ANNAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň
4-nji ýyl talyby.
Teswirler