Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanan 2026-njy ýylyň önümçilik senenamasyna laýyklykda, geljek ýyl Oraza baýramy 20-nji martda (anna güni) belleniler. Zähmet kanunçylygyna we önümçilik meýilnamasyna görä, bu gün ýurdumyzda resmi taýdan iş güni däl diýlip yglan edilendigini bellemek gerek.
Bu ýylky Oraza baýramy türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Nowruz baýramy bilen gabat gelip, mart aýynyň üçünji ongünlügini hakyky baýramçylyk dabaralaryna beslär.
Bellik: Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda, baýramçylyk gününiň öň ýanyndaky iş gününiň (19-njy mart, penşenbe) dowamlylygy 1 sagat gysgaldylar.
Teswirler