Ulag we logistika ulgamy häzirki zaman ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegidir. Hususan-da, gury ýer logistika ulgamy awtoulag we demir ýol gatnawlary ýurduň içerki we halkara söwda gatnaşyklarynda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ulgam ykdysady pudaklaryň arasynda baglanyşyk döredip, haryt dolanyşygyny tizleşdirýär.
Gury ýer logistikasynyň ösdürilmegi önümleriň öndürijiden sarp edijä çenli wagtynda ýetirilmegini üpjün edýär. Bu ýagdaý çykdajylaryň azalmagyna, bazaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna we eksport mümkinçilikleriniň giňelmegine oňyn täsir edýär. Şeýle hem tranzit mümkinçilikleriniň artmagy ýurduň sebit derejesindäki ykdysady ornuny pugtalandyrýar.
Döwrebap ýol ulgamlarynyň, logistika merkezleriniň we ammarlaryň döredilmegi diňe bir ulag hyzmatlaryny ýeňilleşdirmän, eýsem täze ykdysady mümkinçilikleri hem açýar. Logistika infrastrukturasynyň ösüşi hyzmatlar ulgamynyň giňelmegine, iş orunlarynyň döredilmegine we maýa goýumlaryň artmagyna itergi berýär.
Netijede, gury ýer logistika ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň ykdysady ösüşine göni täsir edýän möhüm faktordyr. Bu ulgam diňe bir ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýan strategik ugur hökmünde çykyş edýär.
Şazada JUMAMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
III ýyl talyby.
Teswirler