Ýurdumyzyň talyplary halkara innowasiýa bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler

2026-njy ýylyň 29-nji ýanwary — 2-nji fewraly aralygynda Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde Malaýziýanyň Ýaş alymlar guramasynyň guramagynda «Dünýä ýaşlarynyň STEM oýlap tapyşlary we innowasiýalary — 2026» (World Youth Stem Invention Innovation (WYSII — 2026) atly taslamalar bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurdumyzdan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşyp, ýokary netijeleri gazandylar.

Bäsleşik «Jemgyýetiň geljegi üçin innowasiýalar» temasyna bagyşlandy. Oňa Türkmenistan döwletimiz bilen birlikde Malaýziýa, Tailand, Italiýa, Polşa, Gazagystan, Hytaý, Filippinler, Meksika we Bangladeş ýaly 10 ýurduň ýokary okuw mekdeplerinden 900-den gowrak ylmy hem-de innowasion taslama hödürlenildi.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Yhlas Kurbanow hem-de melioratiw işleri mehanizmleşdirmek hünäriniň 4-nji ýyl talyby Muhammetaly Hangeldiýew emeli aň we sanly tehnologiýalar ugrunda taýýarlan «Synçy» atly web-programmasy bilen çykyş edip, altyn medal hem-de ýörite kubok bilen sylaglandylar.

«Synçy» web-programmasy kitaplaryň hilini ýokarlandyrmaga we okyjy işjeňligini güýçlendirmäge gönükdirilendir. Platformada awtorlar öz eserlerini ýerleşdirip bilýärler, okyjylar bolsa okalan material boýunça bellik edýärler we tapylan kemçilikler üçin höweslendirilýärler. Şeýlelikde, programma awtor bilen okyjynyň arasynda täsirli arabaglanyşyk döredýär. Bu ýerde emeli aň maslahatçy we kömekçi funksiýany ýerine ýetirýär.

Ýeri gelende bellesek, Yhlas Kurbanow 2025-nji ýylyň 24 — 28-nji sentýabry aralygynda Malaýziýanyň Saýberjaýa şäherinde ýurduň Ýaş alymlar guramasy bilen Multimedia uniwersitetiniň guramagynda geçirilen Bütindünýä durnukly ösüş maksatlary bäsleşigine hem gatnaşyp, üstünlik gazanypdy.

Begenç BABAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Maldarçylyk önümlerini gaýtadan
işlemek kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok