Türkmenistan bilen Şweýsariýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteli arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Diplomatlar özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydyklaryny tassyklap, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda halkara guramalaryň, aýratyn-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de sebit we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary özara goldamagyň möhümdigi bellenildi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleriň bardygyny nygtadylar.

Medeni-ynsanperwer ulgamy hem gepleşikleriň möhüm ugurlarynyň biri boldy. Şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän, iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga gönükdirilen çäreleri guramak barada pikir alyşyldy. Duşuşygyň netijesinde türkmen-şweýsar gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmeginde şeýle duşuşyklaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Selbi HANOWA,

Mary nebitgaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok