Täze eýýamyň talaplaryna laýyklykda, döwletimiziň geljekki ösüşiniň binýadyny tutýan bilim ulgamy düýpli özgerişler we kämilleşmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Häzirki wagtda bilim pudagynda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeler diňe bir döwrebap binalaryň gurluşygy bilen çäklenmän, eýsem okatmagyň mazmunynyň düýpli täzelenmegini, halkara ölçeglerine uýgunlaşdyrylmagyny we sanly ulgamyň ähli basgançaklara ornaşdyrylmagyny öz içine alýar. Bilim ulgamyndaky her bir özgertme ýaş nesilleriň zehinini açmaga, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge we dünýä derejesinde bäsleşige ukyply hünärmenler bolup ýetişmegine gönükdirilendir. Häzirki döwürde bilim özgertmeleriniň rowaçlanmagynda sanlylaşdyrmak strategiýasy aýratyn orun eýeleýär. Okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadynyň iň täze kompýuter enjamlary, multimedia serişdeleri we ýokary tizlikli internet ulgamy bilen üpjün edilmegi, okatmagyň hilini täze derejä çykardy. Elektron okuw kitaplarynyň, wirtual laboratoriýalaryň we uzak aralykdan bilim bermek ulgamynyň geriminiň giňemegi ýaşlara maglumatlary has çalt we täsirli özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, okuw maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegi netijesinde ýaşlar daşary dillerini, takyk ylymlary we innowasion tehnologiýalary suwara öwrenýärler. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrjak täze nesliň kemala gelmegine uly itergi berýär.
Bilim özgertmeleriniň ýene bir wajyp tarapy ylym bilen bilimiň sazlaşykly utgaşdyrylmagydyr. Ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag merkezlerinde ýaşlaryň amaly gözlegleri goldanylýar, olaryň täzeçil taslamalary durmuşa ornaşdyrylýar. Halkara tejribe alyşmalaryň ýygjamlaşmagy, dünýäniň abraýly ylym ojaklary bilen hyzmatdaşlygyň berkemegi milli bilim ulgamynyň dünýä giňişligine işjeň goşulyşmagyny üpjün edýär. Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olaryň döwrebap usulyýetleri özleşdirmegi ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler bolsa, berilýän bilimiň her bir okuwçy we talyp üçin elýeterli hem-de ýokary hilli bolmagyny kepillendirýär.
Netijede, bilim ulgamynda amala aşyrylýan her bir täze ädim döwletimiziň ertirki rowaçlygynyň, parahatçylygynyň we ösüşiniň girewidir. Ýaş nesliň bilim almagy, kämilleşmegi we öz hünäriniň ussady bolup ýetişmegi üçin döredilýän bu ätiýaçlyklar ýurdumyzyň intellektual baýlygyny has-da artdyrýar. Milli bilim ulgamyny barha kämilleşdirýän, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!
Gurbanbike GARAŞOWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler