Barha kämilleşýän ulgam

Häzirki wagtda bilim ulgamynyň kämilleşmegi diňe bir döwlet derejesindäki däl, eýsem ählumumy ösüşiň esasyny düzýän iň wajyp ugurlaryň biridir. Bilim ulgamy jemgyýetiň aň-bilim kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda, ýaş nesilleriň häzirki zaman dünýäsiniň çylşyrymly talaplaryna uýgunlaşmagyna kömek edýär. Döwrebap ylmy çemeleşmelere esaslanyp aýdanymyzda, bilim ulgamy barha sanlylaşýar we innowasion tehnologiýalar bilen baýlaşdyrylýar. Mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim platformalarynyň ornaşdyrylmagy, talyplaryň we okuwçylaryň maglumatlara elýeterliligini ýokarlandyryp, olaryň bäsleşige ukyply hünärmenler bolup ýetişmegine şert döredýär. Bu özgerişler okuw meýilnamalarynyň täzelenmegi, okatmagyň interaktiw usullarynyň ulanylmagy we halkara tejribesiniň milli aýratynlyklar bilen utgaşdyrylmagy arkaly amala aşyrylýar.

Bilim diňe bir nazary maglumatlary özleşdirmek däl-de, eýsem şol maglumatlary durmuşda, önümçilikde we ylmy-barlag işlerinde netijeli ulanmagy öwrenmekdir. Şonuň üçin hem häzirki döwürde dowamly okamak ýörelgesi öňe sürülýär, sebäbi tehnologiýalaryň we ylmyň örän çalt depginler bilen ösýän wagtynda, her bir ynsan öz bilimini yzygiderli täzeläp durmalydyr. Döwletimiziň alyp barýan bilim syýasaty netijesinde täze binalaryň gurulmagy, laboratoriýalaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi we mugallymlaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy geljekki ösüşleriň binýadyny berkidýär. Ýaşlaryň halkara olimpiadalarynda we bäsleşiklerinde gazanýan netijeleri bolsa türkmen biliminiň dünýä derejesindäki ornunyň barha berkeýändigini subut edýär. Netijede, barha kämilleşýän bilim ulgamy ýurdumyzyň ykdysady we ruhy taýdan kuwwatlanmagyna, jemgyýetiň medeni derejesiniň ýokarlanmagyna we her bir şahsyýetiň öz zehinini doly açyp görkezmegine giň ýol açýar. Bu ulgam her bir raýatyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrýan, olary geljegiň çylşyrymly meselelerine taýýarlaýan bitewi bir guraldyr.

Döwlet BÄŞIMOW,

Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok