Üns beriň, döredijilik bäsleşigi!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny dabaralandyrmak, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk ýubileý toýuny giňden wagyz etmek maksady bilen, «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy Türkmenistanyň «Ekologiýa hereketi» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde döredijilikli işleýän zenanlary hem-de žurnalyň okyjylaryny ýubileý ýylymyzda yhlasly, döredijilikli zähmete çagyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Bedewleriň tebigatyň gelşigi, bedew batly, at-myratly Watanym!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

BÄSLEŞIGIŇ MAKSADY

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen barha öňe barýar. «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň Türkmenistanyň «Ekologiýa hereketi» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli yglan edýän «Bedewleriň tebigatyň gelşigi, bedew batly, at-myratly Watanym!» atly döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän 2026-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly döwlet syýasatyny giňden wasp etmekden, eziz Watanymyzyň parahatçylygy dörediji ýurt hökmünde alyp barýan işlerini, bedew batly ösüşlerini, halkara derejede öňe sürýän başlangyçlaryny, dünýäde parahatçylygy berkitmek bilen bagly durmuşa geçirýän beýik maksatlaryny hem-de dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň döredijilige bolan höwesini artdyrmak, olary täze döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmakdan ybarat.

BÄSLEŞIGIŇ ŞERTLERI

«Bedewleriň tebigatyň gelşigi, bedew batly, at-myratly Watanym!» ady bilen geçirilýän bäsleşige Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň raýatlary öz döreden çeper-publisistik makalalary, oçerkleri, goşgularydyr şahyrana eserleri bilen gatnaşyp bilerler. Bäsleşige iberilýän eserlerde Garaşsyzlyk ýyllary içinde baky Bitaraplygymyzyň saýasynda döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň halkara abraýy, raýatlaryň yhlasly çekýän zähmetleri dürli žanrlaryň üsti bilen çeper we döredijilikli beýan edilmelidir.

BÄSLEŞIGIŇ JEMINI JEMLEMEK

Bäsleşige hödürlenen eserleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary düzülýär. «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasyna iberilen dürli žanrlardaky eserler döwrebap, çeper beýan edilişine seredilip, «Zenan kalby» žurnalynda çap ediler. Bäsleşige iberilýän eserler 2026-njy ýylyň noýabr aýyna çenli hasaba alnar. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler toparynyň gelen netijesi boýunça kesgitlener. Bäsleşigiň jemleri 2026-njy ýylyň dekabr aýynda jemlener. Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary, şeýle-de tapawutlanan döredijilikli eserler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bäsleşige hödürlenýän işleriň ýany bilen oňa gatnaşyjy baradaky maglumatlar bolmalydyr.

Makalalar şu salga iberilmeli: Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany, «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy ýa-da E-mail salgymyz: zenankalby@sanly.tm

Guramaçylyk topary.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok