Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň aýdyň mazmunyny açyp görkezmek we wagyz etmek maksady bilen, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýaş žurnalistleriň arasynda «Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has artdyrmak, intellektual ösüşi üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, esasan, häzirki nesilleriň hemmetaraplaýyn taýýarlygyna baglydyr» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ganatly sözlerinden ugur alnyp yglan edilýän döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, olary täze döredijilik gözleglerine höweslendirmekden ybaratdyr.
Bäsleşige hödürleniljek işlerde (makalalarda, oçerklerde, söhbetdeşliklerde) hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, şanly seneler mynasybetli ulanmaga berilýän desgalar, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti, olaryň many-mazmuny, gazanylýan üstünlikler, milli gymmatlygymyz bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty anyk mysallardyr maglumatlar arkaly publisistik äheňde açylyp görkezilmelidir. Zähmet adamlary, jemgyýetiň öňdebaryjylary, meşhur atşynaslar hakyndaky oçerkler, aýratyn ugurlar boýunça söhbetdeşlikler, makalalar täsirli, maglumatlara baý, dili çeper we şireli bolmalydyr.
Ýaş žurnalistler bäsleşige hödürleýän işlerini «Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar» diýen ýazgy esasynda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Erkin döredijilik mekany) ýa-da onuň elektron salgysyna (turkmenistan_gazeti@sanly.tm) ýollap bilerler. Awtorlar redaksiýa ugradýan işlerine özleri (okaýan, işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi, elektron abuna ýazylandygyny tassyklaýan belgisi) baradaky maglumatlary hem goşmalydyrlar. Bäsleşige ýaşy 35-den geçmedik ýaşlar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige hödürlenilýän işler şu ýylyň 1-nji maýyna çenli kabul ediler. Olara döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary baha berer.
Bäsleşik «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň maý aýynda jemleniler. Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-94.
Teswirler