«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň «Ekologiýa hereketi» Jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde «Bedew batly, gül-gülüstan, Garaşsyz Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Döredijilik bäsleşigine Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ösüşlerini, gadymy topragymyzda ýetişdirilýän behişdi bedewlerimizi, gözel tebigatymyzy wasp edýän makalalar, goşgular, hekaýalar hödürlenilýär.
Bäsleşige hödürlenýän eserleri «Bedew batly, gül-gülüstan, Garaşsyz Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen özleri baradaky maglumatlary (doglan senesini, wezipesini, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysyny, telefon belgisini) ýazyp, «edebiyatwesungat@sanly.tm» elektron salga ibermeli.
Eserler 2026-njy ýylyň 5-nji sentýabryna çenli kabul edilýär. Bäsleşigiň jemi şu ýylyň sentýabr aýynda jemlener we ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.
Teswirler