«Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Döredijilik bäsleşigine metbugatda çap edilen goşgular, makalalar, hekaýalar, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleri hödürlenilýär.

Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän edebi eserler 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli «sanly-medeniyet@sanly.tm» elektron salga ibermeli. Şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerini 2026-njy ýylyň 31-nji awgustyna çenli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigine tabşyrmaly.

Döredijilik bäsleşigi şu ýylyň dekabr aýynda jemlener. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Döredijilik bäsleşiginiň Düzgünnamasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň www.medeniyet.gov.tm saýtynda ýerleşdirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok