Tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýän häzirki zamanasynda Koreýa Respublikasy dünýäde ilkinji bolup, emeli aňyň (Ai) ulanylyşyny doly we ählitaraplaýyn düzgünleşdirýän taryhy resminamany güýje girizdi. Bu barada “Yonhap” habarlar agentligi resmi maglumat ýaýratdy.
“Emeli aňy ösdürmek we oňa bolan ynamyň binýadyny kemala getirmek hakyndaky esasy kanun” diýlip atlandyrylýan bu resminama, tehnologiýa dünýäsinde täze bir düzgünnamanyň başlangyjy hasaplanýar. Adaty hukuk namalaryndan tapawutlylykda, bu kanun Ai modelleriniň hukuk çäklerini, olaryň döredijilik we jogapkärçilik talaplaryny hem-de bikanun hereketler üçin berk jerimeleri bir bitewi ulgama jemleýär.
Täze kanunçylyga laýyklykda, emeli aň ulgamynda işleýän kompaniýalaryň öňünde aşakdaky möhüm talaplar goýulýar:
Generatiw emeli aň tarapyndan döredilen islendik kontent (surat, wideo ýa-da tekst) hökman ýörite “suw belligi” bilen bellenilmelidir. Bu çäre “dipfeýk” we ýalan habarlaryň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilendir.
Kompaniýalar öz hyzmatlarynyň emeli aňa esaslanýandygy barada ulanyjylara öňünden we açyk maglumat bermäge borçludyrlar.
Ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagy we beýleki düzgün bozulmalary üçin işläp düzüjiler we ýuridik şahslar gönüden-göni jogapkärçilik çekerler.
Koreýa hökümeti täze düzgünlere uýgunlaşmak üçin kompaniýalara bir ýyllyk geçiş döwrüni berýär. Bu wagtyň dowamynda tehnologiýa kompaniýalary öz ulgamlaryny täze kanunçylyga laýyk getirmeli bolarlar. Döwlet edaralary bolsa Ai bilen bagly islendik hukuk bozulmalaryny jikme-jik derňemäge doly ygtyýarly edildi.
Bu ädim sanly dünýäniň howpsuzlygyny üpjün etmekde we tehnologiýany ynsan bähbidine netijeli ulanmakda beýleki döwletler üçin hem nusga bolar. Emeli aň indi diňe bir mümkinçilik däl, eýsem berk kanuny jogapkärçilikdir.
Nepes BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň talyby.
Teswirler