«Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy bilen bilelikde «Zenanlar ýylgyrsa, Zemin ýylgyrýar» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Döredijilik bäsleşigine Garaşsyzlyk ýyllary içinde medeniýetimize, sungatymyza, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşan zenanlaryň döredijilik ýoluny, şeýle-de zenan gözelligini, asyllylygyny, mährem eneleriň nusgalyk ýol-ýörelgelerini açyp görkezýän goşgular, hekaýalar, makalalar we söhbetdeşlikler hödürlenilip bilner.
Bäsleşige gatnaşyjylar eserlerini «Zenanlar ýylgyrsa, Zemin ýylgyrýar» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen özleri baradaky maglumatlary (doglan senesini, wezipesini, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysyny, telefon belgisini) ýazyp, «edebiyatwesungat@sanly.tm» elektron salga ibermeli.
Eserler 2026-njy ýylyň 10-njy iýunyna çenli kabul edilýär. Bäsleşigiň jemi 2026-njy ýylyň iýun aýynda jemlener we ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.
Teswirler