«Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Ýurt abadan — il bagtyýar» ady bilen ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz-nesihat ediji döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy
Döredijilik bäsleşiginiň maksady «Ýangyn howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmekden, mekdep okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden, olaryň ýangyn howpuna garşy bolan raýatlyk borçlaryna düşünjesini artdyrmakdan, emläk eýeçilige aýawly garamaklaryndan, döredijilik ukyp-başarnygyny hem-de ýangyn-tehniki serişdeleriniň ulanyş ýagdaýlaryny öwretmekden, ýangyn-tehniki bilimlerini, hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşige dürli ýaşdaky mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler. Bäsleşige (öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik) şu ugurlardaky döredijilik işleri kabul edilýär:
— ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz-nesihat edýän makalalar;
— ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine degişli hekaýalar, goşgular;
— bolup geçen wakalar;
— bäsleşik bilen baglanyşykly düzülen krosswordlar.
Bäsleşik žurnalda çap edilen gününden başlanýar. Mekdep okuwçylarymyz bäsleşige hödürleýän eserlerini «Ýurt abadan — il bagtyýar» atly bäsleşige diýen bellik bilen «Güneş» žurnalynyň redaksiýasyna ibermeli. Ýazylan eserleriň möçberi bir sahypadan az bolmaly däl we olar elektron göteriji DVD diskde iberilmelidir.
Döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýänler hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumatlary (okaýan, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, öý ýa-da ykjam telefonynyň belgisini) goşmalydyrlar. Bäsleşigiň jemi 2026-njy ýylyň aprel aýynyň üçünji on günlüginde jemlenip, maý aýynda ýeňijilere Diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar. Emin agzalary tarapyndan mynasyp hasaplanylan eserleri «Güneş» žurnalynda çap etmek göz öňünde tutulýar.
Bäsleşige hödürlenilýän işleri şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly — 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany, «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy.
Guramaçylyk topary.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 38-61-70.
Teswirler